«Diller dünýäsinde» içerki žurnal çap edilip başlandy

21:4328.05.2020
0
617

Aşgabatdaky «Diller dünýäsi» merkezinde hereket edýän žurnalistika gurnagynda içerki neşir ― žurnal çap edilip başlandy ― diýip, «Ashgabat.in» habar berýär.

Žurnalistika gurnagynyň içerki neşri bolan “DDcation” aýda bir gezek çykarylýar we merkeziň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdyrýar.

«Diller dünýäsi» okuw merkezi 2017-nji ýyldan bäri daşary ýurt dilleri we kompýuter sowatlylygy boýunça möhletli okuwlary gödürleýär. Häzirki wagtda türkmen, iňlis, fransuz, arap, nemes, italýan, hytaý, rus, ýapon, pars we türk dillerini dürli çuňlukda okadylýar.

Kompýuter tehnologiýalary, tebigy ylymlar boýunça möhletli okuwlar hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň