Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmentelekom» kolokasiýa hyzmatyny hödürleýär

19:4917.04.2020
0
19169

«Türkmentelekom» aragatnaşyk kompaniýasy resmi web saýtynda enjamlary ýöriteleşdirilen maglumat merkezine ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän täze hyzmatyny hödürleýändigi habar berdi.

Bu hyzmat «Kolokasiýa hyzmaty» diýlip atlandyrylýar. Ol üpjün edijiniň müşderiniň enjamlaryny öz çägine ýerleşdirmegi, elektrik toguna we ýokary zolakly aragatnaşyk akymlaryna birikdirmegi üpjün edýär.

Indi şahsy enjamlarymyzda elektrik akymynyň kesilmegi barada aladalanmak gerek däl. Munuň üçin «Türkmentelekom» öz serwerleri bilen hyzmat eder. Enjamlary ýerleşdirmegiň ýörite hasaplary eýýäm kompaniýanyň resmi saýtynda bar. Öz çykdajylaryňyzy onlaýn usul bilen hasaplap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň