Soňky habarlar

Arhiw

«Transmaşholding» Türkmenistana teplowozlary ibermek boýunça gepleşikleri geçirýär

23:4716.04.2020
0
16807

Wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Russiýa Federasiýasynyň «Transmaşholding» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan demir ýol pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigi, ulagyň bu görnüşiniň köptaraplaýynlygy hem-de ygtybarlylygy, gatnawlaryň özüne düşýän gymmatynyň şeýle bir gymmat däldigi şertlerinde ýükleriň ähli görnüşlerini diýen ýaly gatnatmaga ukyplydygy hem-de Türkmenistanyň iri logistika merkezine öwrülmegi üçin çäk mümkinçilikleriniň bardygy bilen şertlendirilendir, ýurdumyz Ýewropa — Aziýa aralygyndaky esasy gatnaw ýollaryny öz çäklerinden geçirip, olary herekete getirip biler.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şol sanda Russiýanyň iri kärhanalarynyň öndürýän demir ýol ulaglarynyň häzirki zaman görnüşleriniň hasabyna bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

«Transmaşholding» paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň ulag gurluşygy bazarynda öňdäki orny eýeleýär hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz ulag-logistika ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

Duşuşygyň dowamynda wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmalary tassyklap, hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şundan ugur alyp hem-de hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, taraplar önümçilik, teplowozlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek hem-de hyzmat etmek meselelerine garadylar.

Web-pikir alyşmalaryň çäginde, şeýle hem abatlaýyş we lokomotiw işçiler toparlaryny okatmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň