Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda ýeralmanyň we soganyň bol hasyly ýetişdirilýär

17:0326.03.2020
0
1112

Ýeralma bilen sogan ýetişdirmek boýunça Halaç etrabynyň hojalyklarynda hem baý tejribe toplanyldy. Etrabyň «Çohpetde» we «Ärsarybaba» daýhan birleşiklerinde bu azyklyk ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Has takygy, «Çohpetde» daýhan birleşiginde 5 gektar ýerde sogan, 24 gektar ýerde hem ýeralma ýetişdirilýär. Hojalykdaky soganly meýdanlaryň üç gektary güýzlük, galan iki gektary ýazlyk sogandyr. Güýzlük sogan geçen ýylyň sentýabr aýynda ekilipdir. Daýhanlar aprel aýynyň ortalaryna ilkinji hasyly bazara çykarmaga taýýarlyk görýärler. Bu ýerde ýazlyk sogandan hem endigan gögeriş alyndy. Ýeri gelende aýtsak, daýhan birleşigiň soganly meýdanlary kärendeçileriň üçüsine berkidildi.

― Ýeralma ekilen meýdanlary 21 kärendeçä paýlap berdik. Geçen ýyl hojalygymyzda her gektardan 140 sentnere çenli hasyl alyndy. Şu ýyl hem hasyllylygy 150 sentnere çenli ýetireris diýip umyt edýärin. Kärendeçilerimize ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem fewral aýynyň ortalarynda ekilen ýeralmadan endigan gögeriş alyndy. Nesip bolsa, ekin maý aýynda hasyla durar ― diýip, daýhan birleşigiň başlygy Aky Myradow gürrüň berýär.

Etrabyň «Ärsarybaba» daýhan birleşiginde bolsa 16 gektar ýere ýeralma, 5 gektar ýere sogan ekilipdir. Ýeralmaly, soganly meýdanlar hojalygyň 8-nji we 9-njy kärendeçiler toparlaryna berkidilen çäklerde ýerleşýär.

Welaýat boýunça azyk önümleriniň bol hasylynyň düýbi tutuldy. Daýhan birleşiklerinde-de, hususy telekeçiler tarapyndan hem ýylyň-ýylyna azyklyk ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär. Şu ýyl hem şeýle boljakdygyna şübhe ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň