Didar Durdyýew Özbegistanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

18:2907.03.2020
0
7176

Şu gün türkmenistanly hüjümçi Didar Durdyýew «Maşalyň» düzüminde Özbegistanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Özbegistanyň Superligasynyň ikinji tapgyrynda Daşkendiň «Bunýodkory» Mübärek şäheriniň «Maşalyny» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 10-njy minutda ýarym goragçy Jasur Jaloliddinow geçirdi.

26 ýaşly Didar Durdyýew 82-nji minutda Nikita Pawlenkonyň ornuna oýna girdi. Dogry, ol «Maşalyň» bu utulyşdan halas bolmagyna ýardam berip bilmedi, ýöne onuň ilkinji gezek Türkmenistanyň çäginden daşarda oýnaýandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Bu duşuşyk bolsa onuň geljekde-de dowam edip biljek daşary ýurt karýerasynyň ilkinji oýny hökmünde taryha girdi.

Gyşda «Bunýodkor» bilen bir ýyllyk şertnama baglaşan Selim Nurmyradow toparyň bu duşuşyk üçin görkezilen sanawynda hem ýer almady.

Şu möwsümde Özbegistanyň toparlarynda ýene-de üç futbolçymyzyň ― Arslanmyrat Amanowyň (AGMK), Abdy Bäşimowyň we Wezirgeldi Ylýasowyň (ikisi hem «Kyzylkum») çykyş edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň