Soňky habarlar

Arhiw

“Liwerpul” iki rekorda şärik boldy

16:0225.02.2020
0
495
“Liwerpul” iki rekorda şärik boldy

Angliýanyň çempionatynda 27-nji tapgyryň soňky duşuşygynda “Liwerpul” öz meýdançasynda “West Ham Ýunaýtedi” 3-2 hasabynda ýeňdi. “Liwerpula” ýeňiş getiren gollary Wiýnaldum (9), Salah (68), Sane (81) derwezä girizdi. Myhmanlardan Diop bilen Fornals tapawutlandy. Şunlukda, 79 utuk toplap, 22 utuklyk aratapawudy saklamagy başaran “Liwerpulyň” çempion bolmagy üçin ýene-de 4 ýeňiş ýeterlik bolar.

Gazanylan bu ýeňiş “Liwerpul” toparyny Angliýanyň çempionatynda 2 rekorda şärik etdi. Ýurgen Kloppuň şägirtleri bassyr 18-nji ýeňşini gazanyp, bu ugurda “Mançester Sitiniň” (2017/2018) rekordyna şärik boldy. Şol bir wagtyň özünde-de öz meýdançasynda yzly-yzyna 21-nji ýeňşini gazanan “Liwerpul” bu ugurda öz rekordyny gaýtalady. “Liwerpul” topary 1972-nji ýylda Billi Şenkliniň tälimçiliginde öz meýdançasynda yzly-yzyna 21 oýunda ýeňiş gazanypdy. 44 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Liwerpul” bu ugurda-da “Arsenalyň” rekordyna golaýlady. “Liwerpul ýene-de 6 duşuşygy ýeňlişsiz tamamlasa, “Arsenalyň” rekordyny täzelär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň