«Kyzylkum» türkmenistanly goragçy Abdy Bäşimowyň topara goşulandygyny habar berdi

09:3505.02.2020
0
8274

«Ahalyň» we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň goragçysy Abdy Bäşimow Özbegistanyň «Kyzylkum» topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada «Turkmenportal» klubyň metbugat gullugyna daýanyp habar berýär.

23 ýaşly Abdy Bäşimow 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda doguldy. Geçen ýyl ol «Ahalda» çykyş etdi. Türkmenistanyň futbol ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Beýrut şäherinde Liwanyň ýygyndysyna garşy geçirdi. Ondan ozal ol Türkmenistanyň futzal ýygyndysynda tejribe toplady, hatda milli ýygyndy bilen 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem gatnaşdy.

«Kyzylkum» Özbegistanyň Nawoýi welaýatynyň Zarafşan şäherine degişli klubdyr. Ol 2000-nji ýyldan bäri Özbegistanyň Superligasynda arakesmesiz çykyş edip gelýär. Topar çempionatyň geçen ýylky möwsüminde 14 klubyň arasynda 13-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň