Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat ― Jidda aralygynda göni howa gatnawyny açmak aprel aýyna geçirildi

01:2729.01.2020
0
52208

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat (Türkmenistan) ― Jidda (Saud Arabystany) aralygynda açyljak göni howa gatnawynyň başlanjak wagtyny fewral aýyndan aprel aýyna geçirdi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýty habar berýär.

Täze ugur boýunça howa gatnawyny ýokary amatlyklary bolan «Boeing 777–200LR» uçary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär. «Türkmenhowaýollary» amatly geografiki çäkde ýerleşýän Aşgabadyň üsti bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň syýahatçylarynyň üstaşyr uçuşlaryny hem amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň