Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler

23:5924.01.2020
0
13304

24-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan meýilnamadan ugur almak bilen, ilat ýazuwyny geçirmegiň we onuň jemlerini jemlemegiň usullaryny öwrenmek hem-de ilat ýazuwyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek, onuň netijelerini işläp taýýarlamak üçin programma üpjünçiligini, zerur enjamlary satyn almak we bäsleşik geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň durmuş-ykdysady häsiýetnamalar we beýleki ähmiýetli ýagdaýlar bilen utgaşyklykda ilatyň sany, ýaş toparlary, düzümi hakynda doly we dogry maglumatlaryň möhüm çeşmesi bolup durýandygyny belledi. Alnan statistiki maglumatlar Türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň pudaklaýyn hem-de toplumlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder.

Şonuň bilen birlikde, 2022-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ilat ýazuwy Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2015-nji ýylda kabul edilen Kararnamasynyň maksatlary bilen kybap gelýär. Bu bolsa Bitarap Watanymyzyň BMG we onuň iri düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti täze sanly tehnologiýalary netijeli ulanyp, ilat ýazuwynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunda döwlet Baştutanymyz degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmek bilen ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň