Soňky habarlar

Arhiw

Hususy telekeçiler üçin hasabat döwri başlandy

12:1321.01.2020
0
10457

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hususy telekeçiler üçin «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň II ýarym ýyly üçin hasabat döwrüniň başlanandygyny habar berýär.

Degişli resminamada ýurduň hususy telekeçileri 2020-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamasyny bermek bilen bir wagtyň özünde pensiýa gatançlarynyň hem tölemelidigi beýan edilýär.

Hususy telekeçiler üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynda pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen bagly tölegleri nagt däl görnüşinde töleg terminallarynyň üsti bilen geçirmek mümkinçiligi hem döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň