«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparyna täze möwsümde türkmen futbolynyň meşhur ýyldyzlarynyň biri Hojaahmet Arazow tälim berer. Häzir topar şu tälimçiniň ýolbaşçylygynda Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirýär.
42 ýaşly hünärmen «Dagdan», «Nebitçi», HTTU ýaly toparlarda futbol oýnandan soňra, «Altyn asyrda» Ýazguly Hojageldiýewiň kömekçisi bolup işledi. Ol az salym Balkanabadyň «Nebitçisinde» hem tälimçilik etdi.
Geçen möwsümde kümüş medala soňky tapgyrlardaky üstünlikleri bilen gelen «Ahal» möwsümiň ortasyndaky şowsuzlyklar sebäpli baş tälimçi Röwşen Meredowy işden boşatdy. Topara Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumow hem garaşylan üstünligi getirip bilmedi. Möwsümi kömekçi tälimçi Baýramnyýaz Berdiýewiň ýolbaşçylygynda tamamlan topar bu möwsüme täze baş tälimçi bilen girişer.
«Ahal» geçen möwsümde Türkmenistanyň çempionatyny kümüş medal bilen tamamlap, AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Topar 5-nji we 12-nji fewralda yklym ýaryşynyň toparçalaryna goşulmak üçin Gyrgyzystanyň «Neftçisi» bilen güýç synanyşar. Bu jübütleriň ýeňijisi Täjigistanyň «Hujandy» bilen duşuşar.