Futbol, TÝL ― 2020: Myrat Ýagşyýew karýerasyny «Ahalda» dowam eder

13:5113.01.2020
0
3278
Futbol, TÝL ― 2020: Myrat Ýagşyýew karýerasyny «Ahalda» dowam eder

Hüjümçi Myrat Ýagşyýew öz futbol ýoluny «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynda dowam eder. Ol bu topara «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol toparyndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda aýdylýar.

28 ýaşly Myrat Ýagşyýew Türkmenabadyň «Olimp» futbol mekdebiniň uçurymydyr. Ol Türkmenistanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylda geçirdi we şol möwsümde iki gezek tapawutlandy. 2013-nji ýylda bolsa ol 12 pökgini geçirmegi başardy.

2014-nji ýylyň futbol möwsümine «Daşoguzyň» düzüminde girişen Myrat Ýagşyýew şol möwsümiň üçünji aýlawynda Balkanabadyň «Balkanynda» çykyş edip başlady. Tutuş möwsüm boýunça 11 gezek tapawutlanan hüjümçi şol gollaryň 2-sini «Daşoguzda», 9-syny «Balkanda» geçirdi. 2015-nji ýylda bolsa «Balkanyň» düzüminde 31 gezek tapawutlanyp, möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy.

2016-njy ýylda «Altyn asyryň» düzümine goşulan hüjümçi täze topary bilen ilkinji resmi duşuşygyny AFK-nyň kubogynyň çäginde «Al-Ahediň» (2:0) garşysyna geçirdi. Ol «Altyn asyryň» düzüminde bassyr dört gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.

Myrat Ýagşyýew Türkmenistanyň ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2017-nji ýylyň 26-njy martynda Taýwanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirdi. Şol duşuşykda ol 72 minut oýnady. Milli ýygyndyda jemi 12 duşuşyk geçiren hüjümçi BAE-de geçirilen Aziýanyň kubogy ― 2019-a hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň