Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäheriniň Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
RIA Nowostiniň ýazmagyna görä, 8-nji ýanwarda ir bilen Ukrainanyň «Boeing 737» uçary Tähranyň ymam Homeýni adyndaky halkara howa menzilinde heläkçilige sezewar boldy.
Uçarda 176 adam bardy: olaryň 9-sy ekipažyň agzalary, 167-si bolsa ýolagçylardy. Ýolagçylaryň arasynda Eýranyň, Ukrainanyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Şwesiýanyň we Owganystanyň raýatlary bardy. Olaryň hiç birini hem halas etmek başartmady.