Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Dagystana dizel ýangyjynyň ilkinji tapgyryny eksport etdi

13:3726.12.2019
0
9823

Mahaçkalanyň (Dagystan, Russiýa) söwda portuna Türkmenistandan nebit önümleri ýüklenen ilkinji tanker gelip gowuşdy diýiň «Dagystan» habarlar agentligi ýazýar.

Habarda aýdylyşy ýaly, «Baltflot-15» tankerinde 6 müň tonna dizel ýangyjy bar. Ol portda ulanyjylara demir ýol arkaly ýetiriler. Bu porta Türkmenistandan her aýda 40 müň tonna mazut we 100 müň tonna çenli dizel ýangyjyny alyp gelmek meýilleşdirilýär.

Mahaçkalanyň porty Russiýadaky iň iri deňiz portudyr. Onuň mümkinçiligi her ýylda 3 million tonna ýüki ugratmaga we kabul etmäge ýetýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň