«Altyn asyr» Türkmenistanyň futbol kubogyna mynasyp boldy

17:1914.12.2019
0
8477

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol topary şu gün «Nusaý» stadionynda geçirilen final duşuşygynda «Ahaly» 3:0 hasabynda ýeňip, taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. Duşuşykdaky pökgüleri 12-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Serdar Geldiýew, 31-nji minutda Mihail Titow, 69-njy minutda Begençmyrat Myradow geçirdi.

Möwsüme Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy bilen girişip, ýurdumyzyň çempiony bolmagy hem başaran «aragatnaşykçylar» bu gün arzyly sepgitleriň üçünjisine ýetdiler. Topar 2019-njy ýyly Türkmenistanyň kubogy bilen jemledi

«Altyn asyr» ýurdumyzyň futbol kubogyna 2009, 2015 we 2016-njy ýyllarda hem mynasyp bolupdy. Üç ýyl arakesmeden soňra ýene-de kuboga gowşan topar taryhynda oýnan iki finalynda ― 2010-njy we 2013-nji ýyllarda ýeňildi. Şeýlelikde, «Altyn asyr» gazanylan kuboklaryň sany boýunça «Nebitçi» bilen deňleşdi. Balkanabadyň topary taryhynda dört gezek final duşuşygyna gatnaşyp, şolaryň birinde-de ýeňilmändi. Türkmenistanyň kubogyna iň köp mynasyp bolan topar bolsa 10 finalyň 7-sinde ýeňiş gazanan «Köpetdagdyr».

«Ahal» bolsa taryhyndaky dördünji finala gatnaşyp, ilkinji gezek ýeňildi. Muňa garamazdan, toparyň çempionatda gazanan kümüş medaly AFK-nyň kubogy ― 2020-ä saýlama tapgyrdan gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň