“Türkmendemirýollary” agentligi ýolagçylar üçin täze hyzmaty ýola goýdy

11:3814.12.2019
0
10188
“Türkmendemirýollary” agentligi  ýolagçylar üçin täze hyzmaty ýola goýdy

“Türkmendemirýollary” agentligi ýolagçylar üçin täze hyzmaty ýola goýdy. Agentligik tarapyndan ýola goýlan gatnawlar barada maglumat berýän bu hyzmat ýolagçylarda ýüze çykyp biljek soraglary gysga wagtda anyklamaga mümkinçilik berýär.  “086” belgä, ýagny ýeke-täk serwis gullugynyna jaň etmek arkaly  24 sagadyň dowamyndaky gatnawlar baradaky maglumatlary anyklap bolýar.  Gatnawlaryň sagatlaryny, gatnaw ugrunda galan orunlaryň ýagdaýyny, biletleriň bahasyny bu belgä jaň etmek arkaly öwrenip bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň