Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi

23:2210.11.2019
0
15395

Türkmenistanda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi ― diýip, TDH habar berýär.

Şanly waka mynasybetli däp boýunça paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda hasyl ussatlaryny sarpalamak, dürli medeni-köpçülik we sport çäreleri, ýörite maslahatlar hem-de sergiler geçirildi, bereketli saçaklar giňden ýazyldy.

Hasyl toýunyň öň ýanynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda öňdebaryjy kärendeçileri, pagtaçylary, mehanizatorlary, agronomlary, seçgiçi alymlary we bu pudagyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan beýleki hünärmenleri sarpalamak dabarasy guraldy.

Dabaranyň barşynda şu ýyl has ýokary netijeleri gazanan oba hojalygynyň öňdebaryjylaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döwlet sylaglary gowşuryldy.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany: oba hojalyk önümleri we dünýä bazary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Aşgabat atçylyk sport toplumy ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň merkezi boldy, onuň göwnejaý bezelen meýdançasynda şu gün ir bilen oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna gutlag sözleri beýan edildi.

Dabara Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýerde aýdym-sazly dabaralar boldy we baýramyň şanyna Türkmenistanyň oba hojalygynda gazanylanlar şöhlelendirilýän sergi ýaýbaňlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň