Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Türkmenistan ― 2020: Aşgabatda ýaryşjak 16 ýygyndynyň 5-si mälim

21:3421.10.2019
0
1289
Futzal, Türkmenistan ― 2020: Aşgabatda ýaryşjak 16 ýygyndynyň 5-si mälim

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler futzal boýunça Aziýa çempionaty ― 2020-niň saýlama duşuşyklary geçirilýär. Birbada birnäçe zolakda geçirilýän duşuşyklaryň netijesinde şu güne çenli Aşgabatda ýaryşjak 16 ýygyndynyň 5-si belli boldy. Ine, olar:

TÜRKMENISTAN: Biziň milli ýygyndymyz ýer eýeleri hökmünde saýlama duşuşyklaryň netijesine garamazdan, Aşgabatdaky çempionata gatnaşar. 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly ― 10-njy marty aralygynda geçiriljek çempionat Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň 7-nji çempionaty bolar. Ozalky gatnaşan ýaryşlarynyň hiç birinde-de türkmen futzalçylaryna toparçalaýyn tapgyrdan aňry geçmek başartmady. Olar bu gezek iň gowy bäşlige girip, taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmagy maksat edinýärler.

KUWEÝT: Günbatar zolagyň «A» toparçasyny birinji orunda tamamlan Kuweýtiň futzal ýygyndysy saýlama tapgyrda Palestinany 7:1, BAE-ni 4:1, Yragy hem 4:1 hasabynda utup, saýlama duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy boldy. Bu ýaryşyň öňüsyrasynda türkmen futzalçylary bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren Kuweýtiň ýygyndysy toparçadaky ahyrky duşuşygynda saýlama tapgyrdaky ýer eýelerinden ― Bahreýniň ýygyndysyndan 0:2 hasabynda asgyn geldi. Ýöne bu utulyş ýygyndynyň Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmagyna päsgel bermedi.

Kuweýtiň ýygyndysy Aziýa çempionatynyň iň tejribeli ýygyndylarynyň biridir. Aşgabatdaky çempionat olar üçin 12-nji yklym ýaryşy bolar. Ýygyndy 2003-nji ýylda Eýranda, 2014-nji ýylda Wýetnamda geçirilen yklym ýaryşlarynda ýarym finala çenli baryp ýetipdi.  Türkmenistan ― 2020 Kuweýt üçin disfilifikasiýadan soňra ilkinji yklym ýaryşy bolar.

BAHREÝN: Saýlama tapgyryň duşuşyklaryny öz janköýerleriniň arasynda geçirýän hem bolsa, bahreýli futbolçylar ilkinji duşuşykda olaryň tamasyny doly ödäp bilmediler. Olar ýaryşa BAE bilen 3:3 hasabyndaky deňlik bilen başladylar. Ikinji duşuşygynda toparçanyň autsaýderi bolan Palestinany 4:1 hasabynda ýeňen ýer eýeleri üçünji duşuşygynda toparçanyň liderini hem ýeňip, bu üstünligini gaýtaladylar. Kuweýti ýeňmek olar üçin Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmaga ýeterlik boldy. Bahreýn saýlama tapgyrdaky soňky duşuşygynda Yrakdan 1:2 hasabynda ýeňildi.

Türkmenistan ― 2020 Bahreýniň ýygyndysy üçin üçünji yklym çempionaty bolar. Mundan ozal 2002-nji we 2018-nji ýyllardaky çempionatlara gatnaşan Bahreýniň ýygyndysy geçen çempionatda çärýek finala çenli baryp bildi.

LIWAN: Aslynda Liwanyň Günbatar zolagyň «B» toparçasynyň ýeňijisi bolmagy käbirimizi haýran eden bolmagam mümkin. Çünki bu toparçada futbolda yklymyň iň güýçlüleriniň hataryna girip ýören Saud Arabystany, Katar ýaly ýygyndylar bar. Ýöne futzalyň futbol däldigini subut eden Liwan ilkinji duşuşygynda Omany 10:2, ikinji duşuşygynda Saud Arabystanyny 2:1, üçünji duşuşygynda Katary 8:1 hasabynda ýeňip, toparçada utuk ýitirmedik ýeke-täk ýygyndy boldy. Hatda toparçalaýyn tapgyrda geçirilen 20 goluň özi hem beýleki ýygyndylar üçin gaýtalamasy kyn bolan sepgit bolsa gerek.

Şeýle-de bolsa statistikalar liwanly futzalçylaryň özlerini yklyma eýýäm ykrar etdirip bilendigini görkezýär. Türkmenistan ― 2020 olaryň 12-nji yklym çempionaty bolar. Has takygy, olar 2003-nji ýyldan bäri geçirilýän Aziýa çempionatlarynyň ählisine gatnaşyp, yzda galan 11 çempionatyň 7-sinde çärýek finala çykdylar.

SAUD ARABYSTANY: Kynlyk bilen hem bolsa arap futzalçylary toparçada ikinji orny eýeläp, Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýaryşa Katary 5:2 hasabynda ýeňip başlan hem bolsa, ikinji duşuşygynda Liwandan ýeňlen Saud Arabystany toparçadaky ýagdaýyny howp astynda goýdy. Üçünji duşuşykda Omandan ýeňilmek ýygyndy üçin «A» toparçanyň üçünjisi bilen ýaryşmakdan başga çäräni gojak däldi. Her niçik hem bolsa 8 gol geçirilen üçünji duşuşyk 4:4 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Saud Arabystany futbolda öňdebaryjylaryň biri hem bolsa, ýurduň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatyna diňe 2016-njy ýylda gatnaşyp gördi. Onda hem toparçada üçünji orny eýelän ýygyndy 16 toparyň arasynda 12-nji orny eýeledi.

Türkmenistan ― 2020-ä Günbatar zolakdan gatnaşjak bäşinji ýygyndy ertir Birleşen Arap Emirlikleri bilen Omanyň arasynda geçiriljek duşuşykdan soňra belli bolar.

Ýeri gelende aýtsak, şu gün Aziýa zolagynyň ýaryşlaryna hem badalga berildi. Ähli duşuşyklary Wýetnamda geçiriljek saýlama tapgyr şol bir wagtyň özünde AFF futzal çempionaty ― 2019-yň ýaryşlaryna öwrüler. Iki toparçada geçiriljek ýaryşyň netijesinde iň gowy üç orny eýelän ýygyndy Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanar. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň