Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde täze awiakassa işläp başlady

02:2220.10.2019
0
16532
Türkmenabat şäherinde täze awiakassa işläp başlady

«Çagalar dünýäsi» söwda we dynç alyş merkeziniň binasynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň petekleri öňünden satýan kassalary işläp başlady. Bu ýerde ýedi kassa we bir sany sorag-jogap gullugy ýolagçylara hyzmat edýär ― diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.
«Çagalar dünýäsi» Türkmenabat şäheriniň köp gatnawly köçeleriniň biriniň ugrunda awtobus duralgasynyň ýanynda ýerleşýär we bu ýol boýunça ýolagçy ulaglarynyň köpüsiniň gatnawy amala aşyrylýar. Indi şäheriň we onuň ýakynynda ýerleşen etraplaryň ýaşaýjylary üçin awiapetekleri satyn almak amatly boldy. Aeroportyň hünärmenleri ýolagçylara petek satyn almakda mümkin boldugyndan has oňaýly şertleri döretmäge çalyşýarlar. Häzir şeýle kassalar Kerki, Saýat, Dänew we Darganata etraplarynyň merkezlerinde hereket edýär. Ýakynda olaryň ýene biri işläp başlady. Bu gezek Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde awia kassasy açyldy. Şeýle nokatlary beýleki etraplarda hem açmaklyk göz öňünde tutulýar.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gämileriniň üsti meşhur öndürijileriň uçarlary we dikuçarlary bilen doldurylyp durulýar. Bu bolsa ýurduň içinde, şonuň ýaly-da onuň çäklerinden daşarlarda dürli ýurtlaryň köp şäherlerine ýolagçylary gatnatmaga we ýükleri daşamaga giň mümkinçilikleri açýar. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň