AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finaly ýer eýeleriniň utulyşy bilen başlady

20:5803.10.2019
0
3336

1-nji we 2-nji oktýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi diýip, «Sport KG» habar berýär.

1-nji oktýabrda geçirilen arap derbisinde Kataryň «Al-Sadd» topary Saud Arabystanynyň «Al-Hilalyny» kabul etdi we garşydaşyndan 1:4 hasabynda ýeňildi. Gyzykly tarapy, «Al-Hilalyň» fransuz hüjümçisi Bafetimbi Gomisiň üç pökgi geçirip, olaryň birini öz derwezesine geçirenligidir.

Beýleki ýarym final duşuşygy 2-nji oktýabrda geçirilip, onda Hytaýyň «Guançžou Ewergrand Taobao» topary Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmondsyndan» 0:2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykdaky pökgüleri braziliýaly goragçy Fabrisio Messias bilen ýerli futbolçy Takahiro Sekine geçirdi.

Ýarym finalyň jogap duşuşyklary 22 ― 23-nji oktýabrda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň