Futbol boýunça 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi nyşany tassyklandy

15:5504.09.2019
0
5623

Ozal hem habar berşimiz ýaly, futbol boýunça 2022-nji ýyldaky dünýä çempionaty biziň yklymymyzda, has takygy, Katarda geçiriler.  Katar ― 2022-niň resmi nyşany bütin dünýä görkezildi.

Nyşan ýerli we sebitleýin araplaryň medeni aýratynlyklaryny özüne siňdiripdir. Onuň ak reňkdäki düşegi bolsa ilkinji gezek gyşda geçiriljek dünýä çempionatyny alamatlandyrýar. Şeýle hem nyşanda arap çölleri öz beýanyny tapypdyr. Nyşanyň «8-lik» görnüşinde bolmagy duşuşyklaryň Katardaky 8 stadionda geçiriljekdigini aňladýar.

Dünýä çempionaty ― 2022-niň nyşany üçin dizaýnerler ýörite şrift oýlap tapmaly boldular.  Ol arap elipbiýiniň aýratynlyklaryny hem ýatladýar.

Çempionat 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry ― 18-nji dekabry aralygynda geçiriler. Ertir bolsa Aziýa yklymy boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler. Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygyny myhmançylykda Şri-Lanka garşy geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň