Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» ― «Hanoý» duşuşygynyň metbugat ýygnagy «Arçabil» myhmanhanasynda geçiriler

12:4423.08.2019
0
1079

AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarym finalynyň jogap oýnunyň çäginde 27-nji awgustda paýtagtymyzda duşuşýan “Altyn Asyr” bilen Wýetnamyň “Hanoý” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasy toparlaryň baş tälimçileriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçiriler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Metbugat ýygnagy 26-njy awgustda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynyň konferensler zalynda geçiriler. Metbugat ýygnagy 11:00-da başlanar.

Metbugat ýygnagynyň öňsüsyrasy akreditirlenen žurnalistleriň atlary we suratlary berkidilen akreditasiýa kartlary gowşurylar.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ikinji ýarym finalynyň çäginde “Altyn Asyr” bilen “Hanoýyň” arasynda boljak duşuşyk 27-nji awgustda

paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 17:00-da başlanar. Interzolagyň ýarym finalynyň birinji duşuşygynda “Altyn Asyr” myhmançylykda “Hanoýdan” 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň