― Söhbetdeşligimiziň esasy maksady, sizde «Gorkut ata» şadessanynyň asyl nugasynyň bardygy. Ony tapmak nähili başartdy?
― Sag boluň! Siziň meniň işlerim we şadessanyň asyl nusgasy bilen gyzyklanmagyňyz meni begendirdi. Men ol barada höwes bilen gürrüň bererin.
Men Kümmetde doguldum we şol ýerde okadym. Soňra Daniýada elektrik ugrundan okap, birnäçe ýyl Eýranda inžener bolup, dürli fabriklerde işledim. Şol işden hem hormatly dynç alyşa çykdym.
Kakam diýseň sowatly adamdy. Ony ýaşaýan sebitlerimizde ahun hökmünde tanardylar. Hormatly dynç alyşa çykanymdan soň, ol maňa «Men bir işiň başyna bardym-da, tamamlap bilmedim» diýdi we şol işi tamamlamagy tabşyrdy.
Kakamyň aýtmagyna görä, türkmen halkynyň baý kitap mirasy bar. Ýöne köne ýazgylardaky kitaplary okap bilýän adam az. Meniň borjum şol kitaplary satyn alyp, iň bolmanda, göçürmesini alyp, şahsy kitaphanamy döretmekden ybaratdy. Men bu işe uly höwes bilen ýapyşdym we şondan soň gadymy golýazmalaryň 132-sini ele saldym. Olaryň arasynda basma kitaplar hem bar.
Ýöne işimiň munuň bilen tamamlanmandygyny bilýärdim. Şonuň üçin hem türkmenistanly we türkiýeli dostlaryma gadymy edebiýatlara gabat gelseler, hökman maňa habar etmeklerini sargadym. Mümkin bolsa syl nusgasyny, ýogsa-da göçürmesini satyn aljakdygymy aýtdym. Şeýlelikde, maňa kakamyň işini dowam etdirip, uly şahsy kitaphanamy emele getirmek başartdy.
Men olary gereklän adamlara hem paýlaýaryn. Hatda Türkmenistana hem gadymy nusgalaryň 300-den gowragyny ýolladym.
Şol günleriň birinde tähranly dostlarymyň biri birtopar kitap tapandygyny aýtdy. Menem derhal gittdim. Kitaplar şeýle bir kändi welin, olary awtobus bilen alyp gaýdaýmasaň boljak däldi. Kitaphanadan çykmankam suwsadym. Şol wagt öňümizden biri çykyp, özünde-de bir kitabyň bardygyny aýtdy we ony maňa görkezdi. Onýança suw almaga giden ýoldaşym geldi-de, kitaba göz aýlady. Ol Gorkut ata baradaky kitap eken. Gepiň gysgasy, men ony satyn aldym.
Kitaby Kümmete alyp geldim. Aradan 8 aý geçensoň, Türkiýede okaýan talyplaryň birinde kitaby mugallymlaryna görkezip görmegini haýyş etdim. Ol görkezipdir. Asyl, bu kitap «Gorkut atanyň» asyl nusgasy eken. Olar menden kitabyň nusgasyny sorap, onuň meni dünýä tanatjakdygyny aýtdylar. Häzir bu gymmatly kitaphanamyň esasy gymmatlyklarynyň biri. Dürli ýerlerde geçirilýän ylmy maslahatlarda bu kitap bilen gyzyklanýanlar kän. Ählimiziň maksadymyz bir.
«Gorkut atanyň» asyl nusgasyna dünýä ylmyna gaýtaryp getirmek uly ädim bolar. Munuň üçin häzir alymlar bilen işleşýäris.