"Altyn asyr" "Rabotniçki" bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda deňme-deň oýnady

16:0729.07.2019
0
4468

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň "Altyn asyr" futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji ýarymyna we AFK-nyň kubogynyň Interzolagynyň ýarym finalyna taýýarlygyň çäginde Bolgariýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýygnanyşygyň çägindäki ýoldaşlyk duşuşyklarynda türkmen futbolçylary daşary ýurtly garşydaşlarynyň birnäçesi bilen güýçlerini hem synadylar.

Nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Demirgazyk Makedoniýanyň "Rabotniçki" topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Mundan öň "Altyn asyryň" Ukrainanyň "Aleksandriýasy" we Demirgazyk Makedoniýanyň "Strugasy" bilen hem ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň