Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe Dünýä çempionaty - 2022-niň bije çekilişigine gatnaşar

19:4509.07.2019
0
7510

Horwatiýadaky gysga wagtlyk dynç alyşynyň dowamynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe Sportske neşiriniň gurnan söhbetdeşliginde Dünýä çempionaty - 2022-niň bije çekilişigine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bije çekilişik 17-nji iýulda AFK-nyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasynda geçiriler.

"Splitde gowy dynç aldym, ýöne 11-nji iýulda Türkmenistana uçmaly. Stambuldan Aşgabada çenli uçarda ep-esli ýol geçmeli. Alty gün soňra Kuala-Lumpura ýola düşerin. Ol ýerde Dünýä çempionaty - 2022-niň bije çekilişigine gatnaşaryn" diýip, tälimçi neşire ýakyn günlerdäki maksatlaryny beýan etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bije çekilişige dördünji torbadan gatnaşar. Häzir biziň ýygyndymyz FIFA-nyň reýtinginde 135-nji orunda.

Ante Mişeniň ozalky beren interwýularynda hem aýdyşy ýaly, öňde duran saýalama tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy iň azyndan toparçada üçünji orny eýeläp, Aziýa kubogyna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini saklap galmak üçin göreşer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň