– Züleyha, siz Tatarstan döwletine öňden hem gidip konsrtlere gatnaşdyňyz? Tatarstan döwletine bolan saparlaryňyz hakynda gysgaça gürrüň beräýseňiz?
–Ilki bilen aýdasym gelýän zat, Tatarstan döwleti meniň üçin aýratyn. “Näme üçin?” diýseň, gaty sada halky bar we bu biziň halkymyz bilen meňzeşligi. Däp-dessurlarymyzdada meňzeşlik bar. Mysal üçin olar hem pişme, şekşeki bişirýärler, ýöne “çakçak” diýilýär olaryň dilinde. Adamlara hormat goýlanda ilkinji şekşeki hödürleýärler, sowgat hökmünde hem şekşeki berýärler. Men 2004-nji ýylynda Kazan şäherinde geçirilen Türksoyuň konsertine gitdim. Ol maňa bildirilen ilkinji iň uly ynam diýip bileris. Men 2001-nji ýyldan bäri sahnada çykyş edýärin, ýöne Hormatly Arkadagymyzyň ynamy bilen Türksoýa gidip 28 döwletiň arasynda çykyş etmek, meni we meniň durmuşumy 180 gradus üýtgetdi. Meniň ykbalymda iň gowy ýatlamalara mynasyp bolan çykyş boldy. Şoňa gidende 3 aýlyjak çagam bardy, maňa Hormatly Arkadagymyzyň ynamy, Watanyň ynamy bilen ugratdylar we men şol ynamy ödemegi başardym. Tatarstan döwleti rysgally döwlet eken, şondan soň meniň durmuşymda ähli gowulyklara şaýat bolýaryn. Bu ýyl baranda hem myhmanhanada 5 ýyl mundan ozal bolan otaga bardym, we bu ýatlamalar meni tolgundyrdy, otagyma girip begenjimden biraz agladym. Sebäbi bu sapar hem maňa şeýle beýik ynamy duýmaga we ol ynamy ödemäge itergi berdi. Men 5 ýyl mundan ozal gelenimde Tatarystanyň Ýokary derejedäki adamlary sowgat gowşurdylar, şonda men arzuw edipdim içimden, biziň Prezidentimiz hem gelsedi we şol adamlaryň arasynda bolsady diýip. Edil agzymdan Hudaý eşiden ýaly boldy, şol arzuwlar bu gezek hasyl boldy. Şu wagt size gürrüň beren zatlarymy özmden başka hiç kim bilenok, diňe Kakamyrat Rejepowa gürrüň beripdim.
Adamyň durmuşynda esasy zatlaryň birisi ynam eken, şol ynamy saňa bildirmeseler duýmayaň, eger şol ynam bildirilse adama gaty köp üstinliklere ýetmäge kömek edýän eken. Mende Hormatly Arkadagymyz şol ynamy döretdi, milliligimizi yokary götertdi, hakykatdan hem birinji ýerde durýandygymyzy subut etdi, owadandygyny subut etdi. 2014-nji ýylda Türkmen milli egin-eşiklerimiz taryh boýunça ýoýulman, üýtgedilmän gelýänligi üçin “Grand Pris” baýragyna eýe boldy we bu gaty uly zat.
– Aslynda, men hem sizi ilkinji gezek 2014-nji ýyldaky konsertdäki çykyşdan soňra tanap başladym, şol günden soň siziň jan köýerleriňiz nähili artdy?
– Hawa, men hem öz-özümi sol konsertde tanadym diýsemem bolýa.