Soňky habarlar

Arhiw

UCI-niň ýolbaşçysy: "Aşgabadyň 2021-nji ýyldaky dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirjekdigine ynanýaryn"

22:0803.06.2019
0
10184

3-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda soňky ýyllarda ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýan welosiped sportuny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar boldy. Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, sportuň bu görnüşi boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmek üçin Türkmenistan ähli mümkinçiliklere eýedir, muňa amatly howa şertleri, şeýle hem häzirki zaman sport düzümleri ýardam berýär, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki ajaýyp ýapyk welotrek binasy munuň aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Welosipedçileriň halkara birleşigi bilen bilelikde 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda iş ýüzündäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dawid Lappartýeniň nygtaýşy ýaly, giň gerimli sport ýaryşlaryny mynasyp derejede geçirmekde Türkmenistanyň tejribesi Welosipedçileriň halkara birleşiginiň howandarlygynda öňde boljak dünýä derejeli bäsleşikleri hem ýokary derejede guraljakdygynyň ygtybarly kepili bolup durýar.

Öz nobatynda UCI-niň ýolbaşçysy bütin dünýäde welosiped güni ýaly ajaýyp senäni bellemek başlangyjy bilen çykyş eden ýurt hökmünde Türkmenistanyň welosiped sportunyň halkara hereketi babatynda mynasyp merkez bolup biljekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň