Gurban Berdiýew şu möwsümiň ahyrynda "Rubiniň" baş tälimçisi wezipesinden aýrylar

23:0515.05.2019
0
15530

Russiýanyň Sport24 neşiriniň habar bermegine görä, Kazan şäheriniň "Rubininiň" türkmenistanly baş tälimçisi Gurban Berdiýew şu möwsümiň ahyrynda öz islegi bilen eýeleýän wezipesinden gitmekçi.

Rus metbugatynyň ýazyşy ýaly, 20-nji maýda "Anži" bilen boljak duşuşyk Gurban Berdiýewiň Kazandaky stadionda iň soňky duşuşygy bolar. "Rubin" möwsümi 26-njy maýda "Krasnodar" bilen myhmançylykda geçirjek duşuşygyndan soňra tamamlar. Häzir 35 utuk toplan topar ýaryş tertibiniň 10-njy ornunda.

Kazan şäheriniň toparynda mundan ozal hem 2001 - 2013-nji ýyllar aralygynda hem işledi. Ol kluba ikinji gezek 2017-nji ýylda dolanyp geldi.Tälimçi "Rubin" bilen 2008-nji we 2009-njy ýyllarda Russiýanyň çempiony, 2012-2013-nji ýyllaryň futbol möwsüminde bolsa ýurduň Kubogynyň eýesi boldy.

Aşgabatda doglan hünärmen şu ýylyň martynda Türkmenistanda gysga wagtlaýyn saparda hem boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň