Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" ilkinji ýeňşini gazandy

21:3615.05.2019
0
14009

 

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony, AFK-nyň kubogy - 2018-iň finalçysy "Altyn asyr" çarşenbe güni "Köpetdag" stadionynda geçirilen duşuşykda yklym ýaryşynyň şu möwsümindäki ilkinji ýeňşini gazandy. Şol gün ýaryşyň toparçalaýyn böleginiň dördünji tapgyrynda Täjigistanyň wise-çempiony "Hujandy" kabul eden türkmen futbolçylary hüjümçi Myrat Ýagşyýewiň 32-nji minutda geçiren pökgüsi bilen garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Bu arzyly ýeňişden soňra utugyny 6-a çykaran Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri toparçada ikinji orna çykdylar. Bu üstünlikde toparçada şol gün Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen duşuşygyň hem täsiri bardyr. Öz meýdanynda Täjigistanyň çempiony "Istikloly" kabul eden ýerli "Dordoý" şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Garşydaşlaryndan 2:1 hasabynda üstün çykan "Dordoýyň" pökgüleriniň ilkinjisini türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow geçirdi.

"Altyn asyryň" ýeňşi toparçany birinji orunda tamamlap, ýaryşy dowam etdirmäge bolan mümkinçiligini artdyrdy. Elbetde, häzir biziň ildeşlerimiz 6 utuk bilen ikinji orunda. Ýöne birinji orundaky "Isiklolyň" hem 7 utugy bar. Toparçalaýyn duşuşyklar bolsa ýene-de iki tapgyrdan tamamlanar. 6-njy iýunda "Dordoýy" kabul etjek ildeşlerimiz ýene bir ýeňiş gazanyp bilse, bu mümkinçilik has-da artar.

Dürli maglumatlary ýygnamagy halaýanlar üçin dşuşygyň protokol maglumatlaryny ýerleşdiýäris.

AFK-nyň kubogy - 2019. Merkezi zolak. "D" toparça. 4-nji tapgyr.

15-nji maý. Aşgabat. "Köpetdag" stadiony. 12 300 tomaşaçy.

"Altyn asyr" (Türkmenistan) - "Hujand" (Täjigistan) - 1:0 (1:0).

Pökgi geçiren: Myrat Ýagşyýew, 32 (1:0).

"Altyn asyr" (Aşgabat, Türkmenistan): Mämmet Orazmuhammedow, Selim Ataýew, Mekan Saparow, Gurbangeldi Batyrow, Bagtyýar Gürgenow, Serdar Geldiýew (k), Resul Hojaýew (Welmyrat Ballakow, 70), Mekan Aşyrow (Selim Nurmyradow, 77), Myrat Annaýew, Altymyrat Annadurdyýew (Begenç Annagurbanow, 90+3), Myrat Ýagşyýew.

"Hujand" (Hujand, Täjigistan): Dawid Kupatadze, Asiljon Begimkulow, Dawronjon Ergaşew, Manuçehr Ahmedow (k) (Tornike Jimşeleişwili, 58), Oýbek Abdugafurow, Firdaws Çakalow, Bahtiýor Çoriýew, Kamron Mirzonajod, Dilşod Bozorow, Jahongir Ergaşew, Tursunali Rustamow (Dilşod Wosiýew, 59).

Duýduryşlar: Gurbangeldi Batyrow 45 - Firdaws Çakalow 58.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Myrat Ýagşyýew ("Altyn asyr").

Baş emin: Ahmed Faýsal Mohammad Al-Ali (Iordaniýa).

Kömekçileri: Mahmud Taher Mohammad Abu Taher, Abed Al-Rohman Naji Mohammad Akel (ikisi hem Iordaniýa).

Ätiýaçdaky emin: Mohammed Hled Al-Hoiş (Saud Arabystany).

Gözegçi emin: Tun Hla Aung (Mýanma).

Duşuşygyň komissary: Omid Jamali (Eýran).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň