4-nji martda geçirilen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek üçin elektron resminama dolanyşygy boýunça degişli ýolbaşçylara iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurulmagynyň welaýatyň hem-de onuň ilatynyň durmuşynda örän möhüm waka bolup durýandygyny bellemek bilen, bu iri taslamanyň konsepsiýasynyň täze dolandyryş merkezini ösdürmegiň has amatly ykdysady, durmuş we beýleki şertlerini döretmegi ugur edinýändigini aýtdy. Bularyň hemmesi bellenilen toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagyna berk gözegçilik edilmegini talap edýär diýip, milli Liderimiz degişli Karary ýerine ýetirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Hususan-da, resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyny iki tapgyrda — 2022-nji ýyla çenli döwürde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işläp taýýarlan baş meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrmak bellenildi.