Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk ýowary geçiriler

23:5501.03.2019
0
5961

Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 1136-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2019-njy ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda 1 million 500 müň düýp bag nahallarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäginde hem şonça mukdardaky ýaprakly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň ekiljekdigi bellenildi.
Bu işleri guramak ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. Tutuş ýurdumyz boýunça jemi ekilmegi bellenilen bag nahallarynyň 600 müň düýbi miweli agaçlar we üzüm bolar, şeýle hem tut agajynyň 300 müň düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň