Ahal welaýatynyň pagtaçylary Türkmenistanda ilkinji bolup pagta tabşyrygyny berjaý etdiler

23:3207.11.2018
0
9925

Ahalyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar, olar welaýatlaryň arasynda ýurdumyzda ilkinji bolup, pagta hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, şunda Watan harmanyna 207 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy.

Ahal welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi, oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, oba zähmetkeşleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, pagta çig malyny taýýarlamak boýunça borçnamanyň ýerine ýetirilmeginde ekerançylar bilen bir hatarda kämil pagta ýygyjy tehnika erk edýän kombaýnçylar hem-de ýygnalan hasylyň bökdençsiz daşalmagyny üpjün eden sürüjiler we beýlekiler hem uly goşant goşdular.

Ýygnananlar oba zähmetkeşleri hakynda yzygiderli aladasy, daýhanlaryň netijeli işlemegi we mynasyp durmuşy ugrunda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini berjaý etmek üçin ähli güýçlerini gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Ahal welaýatynda pagta ýygymy dowam edýär. Sebitiň ekerançylary ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ýokary depginde zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde pagtasy doly ýygnalan meýdanlarda aralyk ekinleri ekmek üçin ýerleri taýýarlamak işleri geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň