Soňky habarlar

Arhiw

Awazada halkara ralliniň jemleri jemlendi

07:4817.09.2018
0
11875

15-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň jemleýji dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şol gün eko-ralli-reýdiň bäşinji tapgyry geçirildi. Ýaryş ýolunyň uzynlygy 203 kilometre deň boldy. Ýaryşa gatnaşyjylar pellehana geldiler...
Bu tapgyrda Garri Hant (Beýik Britaniýa) öňdeligi eýeledi, ondan soň Hoan Roma (Ispaniýa), üçünji bolup pellehana Metýu Serradori (Fransiýa) geldi, onuň yzysüre Miroslaw Zapletal (Çehiýa) pellehanadan geçdi. Hoan Roma ähli tapgyrlaryň netijeleri boýunça ýeňijileriň birinji üçlüginiň başyny çekdi, ikinji orny Miroslaw Zapletal, üçünji orny bolsa Sergeý Wýazowiç (Belarus) eýelediler.
Türkmen toparlarynyň ikisi: Hojaguly Annamämmedow we Gaýgysyz Akmyradow (№100 — MINI — T1 1.2) hem-de Guwanç Hommadow we Rejepnyýaz Annaberdiýew (№104 — TOYOTA — T2 2.2) öz derejelerinde üçünji orny eýelediler.
Dabarada döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow we ýaryşyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy, ralliniň fransiýaly dünýä belli ýyldyzy Žan-Lui Şlesser çykyş etdiler. Olar ýaryşa gatnaşyjylary hem-de ýeňijileri bu ýaryşyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Garagum sährasynyň gözel künjeklerinden geçip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere sportda uly üstünlikleri arzuw etdiler.
...Soňra Akhan diýen ahalteke bedewiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakynda şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli ajaýyp gyr at çylşyrymly emeli deňsiz-taýsyz ýerine ýetirmegi netijesinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: ol yzky aýaklarynda on metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bu täsin görnüşde ozalky rekordy täzeledi. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen “Guinness World Records-yň» adyndan bu ajaýyp görkezijiniň resmi taýdan ykrar edilmegi barada güwänama gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser bilelikde ýaryşyň ýeňijilerine ýörite baýraklary we “Amul — Hazar 2018” ýadygärlik teňňeleriň toplumyny hem-de sowgatlyk türkmen milli lybaslaryny — içmekleri we silkme telpekleri gowşurdylar. Şeýlelikde, altyn baýragyň eýeleri: özleriniň “MINI” awtoulagynda ýoly hemmelerden tiz geçen ispanlar Hoan Roma we Aleks Haro, Belarusuň “MAZ” topary — sürüjisi Sergeý Wýazowiç, şturmany Pawel Garanin hem-de mehanigi Andreý Žigulin, Gazagystandan “NISSAN” awtoulagynyň topary Kirill Çernenkow we Alekseý Mun, fransuz toparlary Týerri Pitawi we Jillis Kolombe, Iwan-Pýerre we Weronika Dard dagy boldular.
Kümüş baýraklara: Çehiýadan Miroslaw Zapletal we Marek Sikora, Russiýadan “kamazyň” sürüjileri Aýrat Mardeýew, Dmitriý Swistunow we Ahmet Gilýautdinow, fransuz jübüti Herwe Dirs we Alan Brýus, gazagystanlylar Marat we Nursultan Abikaýewler, britaniýaly sürüji Garri Hant öz şturmany Wouter Rozegaar bilen mynasyp boldular.
Hormat münberiniň üçünji basgançagyna, ozal agzalyp geçilişi ýaly, türkmen toparlarynyň ikisi: sürüji Hojaguly Annamämmedow — Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň awtoulag kärhanasynyň sürüjisi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni hem-de şturman Gaýgysyz Akmyradow — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň awtoulag müdirliginiň serkerdesi, şeýle hem sürüji Guwanç Hommadow, Türkmenistanyň IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni hem-de şturman Rejepnyýaz Annaberdiýew çykdylar.
Bürünç baýrak eýeleriniň arasynda şeýle hem “KAMAZ-masteriň” wekilleri Dmitriý Sotnikow, Ruslan Ahmadeýew, Ilgiz Ahmetzýanow, fransuzlar Žan-Klod Rufýe we Jerom Bos, gollandlar Gert Žan wan der Walk hem-de Branko da Lange bar.
Soňra baýramçylyk konserti boldy. Onda türkmen we daşary ýurt estrada artistleri, ýurdumyzyň meşhur tans we halk döredijilik toparlary çykyş etdiler.
Uly feýerwerk dabaranyň jemlenmesine öwrüldi. Ol Hazaryň kenarýaka asmanyny müň dürli öwüşginler bilen bezedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň