Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky demir ýol gatnawlaryny indi online görüp bolýar

13:0626.07.2018
0
35652

Munuň üçin Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi tarapyndan ýörite Android programmasy işlenilip düzüldi. Ol ýurduň çägindäki demirýol ulaglarynyň rejenamasy we şol wagtky gatnawy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Mobil programma «Demiryol» diýlip atlandyrylýar. Onuň el telefonynyň ýadynda uly ýer tutmaýandygy we aňsat işleýändigi esasy artykmaçlyklarydyr.

Mobil programmanyň dizaýnyndan gyzyklanýan gatnawyň barada maglumatlary ýeňillik bilen tapmak mümkin. Şol sanda mobil programma gerekli gatnawyň görnüşi (derhal, ýolagçy, goşmaça...) barada hem maglumat berýär. Ýolagçy nirdedigine garamazdan, gysga wagtyň dowamynda gatnaw barada ähli maglumatlary edinip biler.

«Demirýol» mobil programmasy üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň