Soňky habarlar

Arhiw

Merdan Gurbanow Belarusyň çempionatyndaky ilkinji goluny geçirdi

16:3005.11.2017
0
13246

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Merdan Gurbanow şu ýylyň tomsunda Belarusyň Premier ligasynda çykyş edýän Magilew şäheriniň «Dnepr» toparyna goşuldy. 3-nji noýabrda «Dnepr» çempionatyň 28-nji tapgyrynda ýaryşyň outsaýderleriniň biri «Slawiýa Mozyry» 5:3 hasabynda ýeňdi. Türkmenistanly ýarym goragçy Merdan Gurbanow bu duşuşykda bir gol, bir asist bilen tapawutlanyp, duşuşygyň iň gowy futbolçylarynyň biri boldy. Ildeşimiz duşuşygyň 58-nji minudynda toparynyň üçünji goluny geçirdi. Bu gol Merdanyň Belarusyň çempionatyndaky ilkinji goludyr.

Premier liga şu möwsümde gaýdyp gelen «Dnepr» häzirlikçe 16 toparlyk ýaryşyň 11-nji ornunda. Türkmenistanly ýarym goragçynyň Belarus metbugatyna beren interwýusynda hem nygtalşy ýaly, toparyň şu ýylky maksady çempionatda galmak. 28 tapgyryň netijeleri boýunça Merdan Gurbanow we onuň ildeşleri häzir bu maksada ýetmäge ýakyn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň