Soňky habarlar
Arhiw
TYA we Zenanlar birleşigi Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan maslahat geçirdi
10:4617.10.2017
0
3141
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagyndaky geçirilen "Berkarar Watanym, jan Türkmenistan" atly ylmy maslahatda Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlaryň ylmy işgärleri çykyş etdiler. Bular barada maslahatda çykyş edenleriň, hut özünden eşitmek has täsirli bolsa gerek.
Jeren Sylapowa, TYA-nyň Tegnologiýalar merkeziniň bölüm müdiri:
- Ylmyň iň täze gazanan üstünlikleri bilen enjamlaşdyrylan Tehnologiýalar merkezinde häzirki wagtda birnäçe barlaghanalardyr tejribehanalar hereket edip, olarda ýaş alymlar özleriniň täze-täze işlerini amal edýärler.
Merkeziň barlaghanalarynda - bio, -nano we maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda toplumlaýyn barlaglar, maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, şeýle-de bioserişdeleriň, uglewodorod çig malyň seljermesi amala aşyrylýar. Bu bolsa Tehnologiýalar merkezimizde düýpli ylmy işleriň oňyn netije bermegine getirýär.
Doýduk Saparbaýewa, TYA-nyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bölüm müdiri:
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredýär. Talyplar, dürli ugurlaryň alymlary we giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen kitaplaryň jemi kitaphanamyzy bezeýär. Biziň merkezi ylmy kitaphanamyz diňe bir giň okyjylar köpçüligine gujak açman, eýse döwlet derejesinde geçirilýän sergilere hem yzygiderli gatnaşýar. Şahyryň:"Kitap okan gullar manydan dokdur" diýip aýdyşy ýaly, öz biliminiň, ylymynyň üstünde kämilleşýän ynsanlaryň dünýäsinde kitaphananyň orny zyýadadyr!
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň