„Lebap“ sement zawody gündogar sebitde dört ýyl mundan ozal bina edilipdi. Şu döwürde kärhanada ýokary hilli gurluşyk materialynyň 623 müň tonnasy öndürildi, onuň bir bölegi goňşy Owganystana ibeirilýär.
Zawod logistika ýörelgelerine laýyklykda Köýtendag etrabynyň gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý ýerinde guruldy. Golaýdaky karýerllerde önümçilik üçin zerur hek, kwars çägesi, gips we toýun ýaly çig mal alynýar. Taslama amala aşyrylanda esasy üç ugra: sementiň hiline, önümçiligiň tygşytlylygyna we ekologiýasyna üns berildi.
Kärhanada berk portland, nebit-gaz pudagy üçin tamponaž, şeýle hem gidrotehniki binalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfatadurnukly görnüşleri çykarylýar.
Geçen ýylyň ahyrynda sement zawodynyň golaýynda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünini öndürmäge niýetlenen kombinat işe girizildi. Uly möçberli taslama belarusly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy. Kärhananyň hünärmenleri onuň açylyşynda şeýle bir zady gürrüň berdiler. 11 metrden 60 metre çenli çuňluga gazylanda çykan ýerasty suwuň minerallaşma derejesi Garlyk käniniň şu magdana baýdygyny şaýatlyk edýär.
Lebabyň günortasynda Garlykdan başga-da, Garabil we Leýlimekan ýaly kaliý duzlarynyň käniniň üsti açyldy we ýene bir dag-magdan kombinatynyň gurluşygyna bäsleşik yglan edildi.
Geljegi uly bolan himiýa we gurluşyk pudagynyň ösdürilmegi gündogar sebitiň yzygiderli ösmegine, durmuş-ykdysady ösüşlere, täze iş orunlarynyň döredilmegine we ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam eder.
Peýdaly magdanlary çalt depginlerde özleşdirmäge, Lebap welaýtynyň günortasynyň innowasion-industrial taýdan ösdürilmegine toplumlaýyn çemeleşilýändigini bellemek gerek. Amyderýanyň üstünden Atamyrat-Kerkiçi döwrebap demir we gara ýol köprileriniň gurulmagy derýanyň sag kenarynda öndürilýän ýokary hilli we bäsleşige ukyply gurluşyk hem-de himiýa senagatynyň önümlerini daşary ýurtlara ugratmaga uly mümkinçilikler açdy.
Soňky habarlar
Arhiw
Köýtendagyň tebigy baýlyklarynyň özleşdirilmegi sebitiň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrar
18:4211.08.2017
0
2794
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň