Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna özboluşly binagärlik görnüşindäki ýadygärligiň açylyş dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez şygyrlary, onuň ynsanperwer maksatlary we wesýetleri nusgalyk paýhas, belent ruhy-ahlak mekdebi bolup hyzmat edýär. Beýik akyldar şahyryň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan goşgulary, öçmejek ganatly setirleri umumadamzat, şol sanda owgan halkynyň gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Bu ýere ýygnananlaryň pikirine görä, şu günki waka iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat eder, olaryň halklary gadymdan gözbaş alýan doganlyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly bolup, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezliginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.