Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ajaýyp milli baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramyna bagyşlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ösüşiň hukuk binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara ylmy-amaly maslahatyň Türkmenistanyň hukuk, dünýewi döwleti gurmakda, raýat jemgyýetini berkarar etmekde toplan tejribesi, konstitusion gurluşynyň we taryhy ösüş ýolunyň aýratynlyklary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, parahatçylygyň we howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn.
Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýanyň kabul edilen güni döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan senedir. Mundan 25 ýyl ozal — 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda türkmen halkynyň garaşsyz, özbaşdak we özygtyýarly döwletiniň Konstitusiýasy kabul edildi. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden özygtyýarly, erkin ösüş ýoluny saýlap almak bilen, gysga döwürde tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji, ygtybarly hyzmatdaş, gülläp ösýän döwlet hökmünde özüni tanatdy.
Biz çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünliklerine buýsanýarys. Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, halkara derejede alnyp barylýan işler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär.
Biziň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyndaky özgertmelerimize, içeri we daşary syýasatymyza, taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize, aýratyn hem, demokratik we raýat jemgyýetini gurmakdaky toplan tejribämize dünýäniň iri halkara guramalary, meşhur syýasatçylar ýokary baha berýärler. Adamy jemgyýetiň we döwletiň beýik gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyzyň kabul edilen şanly senesine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahatyň hem berkarar döwletimiziň çärýek asyrlyk şöhratly ýoluna baha bermekde hem-de geljekki ösüşlerimiziň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly myhmanlar!
Türkmenistanyň halky jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän, oňyn bitaraplyk ýörelgelerimizi özünde jemleýän Esasy Kanunymyza buýsanýar, uly hormat goýýar. Türkmenistanyň Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň we döwletiň baş gymmatlygy hökmünde yglan edip, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepili, Watanymyzy ösdürmäge, bagtyýar we abadan durmuşy üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleriniň berk binýady bolup durýar.
Esasy Kanunymyzda jemgyýetimizde bolup geçýän özgertmeler, beýik maksatlar hem-de ynsanperwer ýörelgeler öz beýanyny tapdy. 2016-njy ýylda giň halk köpçüligi bilen maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetli waka boldy. Munuň özi ösen ykdysadyýeti, durmuş goraglylygynyň netijeli ulgamy bolan, oňyn hem-de parahatçylygy üpjün ediji halkara syýasaty alyp barýan kuwwatly demokratik, hukuk döwletini gurmagyň ynamly ýoluna gadam basan Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň berk hukuk binýady boldy.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Biz halkara gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk syýasatyna berk eýerýäris. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi. Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýalaryny Esasy Kanunyna girizen ýeke-täk bitarap döwletdir.
Türkmenistan halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişlikde mynasyp orny eýeleýär. Biz abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris.
Biz Konstitusiýamyzda berkidilen bitaraplyk ýörelgelerimize hemişe eýermek bilen, geljekde hem diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän hoşniýetlilik, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatymyzy gyşarnyksyz dowam etdireris. Berkarar Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn berkideris.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem bu şanly baýrama bagyşlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ösüşiň hukuk binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.