ÜNS BERIŇ: BÄSLEŞIK! «Türkmenistan – sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy»

11:5607.05.2017
0
8614

«Türkmengaz» döwlet konserni, «NEBIT-GAZ» gazetiniň redaksiýasy we «Dragon Оýl (Тürkmenistan) Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde ýurdumyzda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň esasy wakalarynyň birine – sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan «Türkmenistan – sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşige hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýaýbaňlandyrmak babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy hakynda gürrüň berýän makalalar, fotoreportažlar we goşgular kabul edilýär.

Bäsleşigiň jemleri halkara derejesinde geçiriljek sport baýramçylygynyň — V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda jemleniler.

Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.

Bäsleşikde 50 sany höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutulyp, oňa mynasyp bolanlar «Nebit-gaz» gazetine muzdsuz abuna ýazylarlar.

Döredijilik işlerini we awtorlar hakynda şahsy maglumatlary (işleýän ýa-da okaýan ýeri, öý salgysy, telefon belgisi) Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 56-njy jaýynda ýerleşen «NEBIT-GAZ» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Tel. (faks): (99312) 44-19-13.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň