Türkmen futbolçylary Aziýa kubogy — 2019-yň Taýwan bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygyna taýýarlyk görmek üçin Dubaýa ugrady

18:5417.03.2017
0
4626

17-nji martda Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Dubaý şäherine (BAE) ugrady, futbolçylarymyz bu ýerde 23-nji marta çenli bolar we Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda Taýwanyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlanar.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan berlen habara görä, saýlama duşuşygy 26-njy martda Taýbeýde bolar, biziň futbolçylarymyz şoňa çenli BAE-niň bir topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. 
Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew Taýwan bilen boljak duşuşyga 22 futbolçyny çagyrdy, olaryň 21-si milli çempionatymyzda çykyş edýän, biri bolsa legioner futbolçylardyr. Toparyň düzüminde:
Derwezeçiler:
Mämmet Orazmuhammedow («Altyn asyr»)
Nikita Gorbunow («Altyn asyr»)
Goragçylar:
Mekan Saparow («Balkan»)
Bagtyýar Hojaahmedow («Energetik»)
Şöhrat Söýünow («Altyn asyr»)
Zafar Babajanow («Altyn asyr»)
Serdar Annaorazow («Altyn asyr»)
Akmyrat Jumanazarow («Altyn asyr»)
Döwran Orazalyýew («Altyn asyr»)
Ýarym goragçylar:
Gurbangeldi Batyrow («Altyn asyr»)
Ahmet Ataýew («Altyn asyr»)
Serdar Geldiýew («Altyn asyr»)
Elman Tagaýew («Altyn asyr»)
Ilýa Tamurkin («Merw»)
Umitjan Astanow («Altyn asyr»)
Guwanç Abylow («Energetik»)
Ruslan Mingazow («Slawiýa», Praga, Çehiýa)
Hüjümçiler:
Wahyt Orazsähedow («Ahal»)
Arslanmyrat Amanow («Altyn asyr»)
Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr»)
Süleýman Muhadow («Altyn asyr»)
Myrat Ýagşyýew («Altyn asyr»)

Türkmenistanyň we Taýwanyň milli ýygyndylary mundan öň iki gezek duşuşydylar. Bu duşuşyklaryň ikisi hem Dünýä kubogy — 2002-niň saýlama tapgyrynda geçirildi. 2001-nji ýylyň 27-nji aprelinde Daşkentde geçirilen duşuşykda türkmen futbolçylary garşydaşlaryny 5:0-luk uly hasap bilen ýeňdi. Ikinji duşuşyk bolsa 2001-nji ýylyň 7-nji maýynda Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçirildi. Bu duşuşyk hem biziň futbolçylarymyzyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Taýwanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň «E» toparçasynyň çäginde geçirilýär. Bu toparçada türkmen futbolçylarynyň beýleki garşydaşlary Bahreýniň we Singapuryň ýygyndylary.
Aiýa kubogy — 2019-da ilkinji gezek 24 milli ýygyndy çempionlyk üçin ýaryşar. 12 ýygyndy — öňki çempion Awstarliýanyň, Hytaýyň, Yragyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Kataryň, Saud Arabystanynyň, Siriýanyň, Tailandyň, Özbegistanyň we ýer eýeleri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylary yklym ýaryşynyň final tapgyryndaky ornuny berkitdi. Galan 12 ýygyndy saýlama duşuşyklaryň netijesinde kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň