Türkmenistanly mekdep okuwçylary ÝUNESKO-nyň «Deň mümkinçilikleriň sungaty: sport we emeli aň» atly sebitleýin bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdiler. Has takygy, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler ulgamyna girýän Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylary Gözel Täçgulyýewa, Jennet Nurmuhammedowa we Arzuw Orazowa bäsleşikde ýeňiji boldular.</...
Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistanda geçirilen ESGCA taslamasynyň çägindäki maslahata gatnaşdylar
Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde Täjik milli uniwersitetinde (Tajik National University) «Merkezi Aziýanyň bilim we iş bilen üpjünçilik pudaklarynda ekologiýa meselelerini, sosial zerurlyklary we degişli dolandyryşy utgaşdyrmak» (ESGCA) taslamasynyň çäklerinde maslahat geçirildi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetin...
Daşoguzdaky tüwi öndürýän kärhanada 15 müň tonnadan gowrak önüm taýýarlanyldy
«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän kärhanasynda 2025-nji ýylyň on bir aýynda 15 müň tonnadan gowrak ýokary we birinji görnüşli tüwi taýýarlanyldy. Netijede, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen berjaý edildi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. ...
Aşgabatda daşky gurşawy goramak baradaky goşantlar boýunça duşuşyk geçirildi
22-nji dekabrda Aşgabatda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we zenanlaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi. Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy. Bu barada «Altyn asyr...