Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutanynyň daşary syýasat strategiýasy netijesinde 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy hem-de olaryň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýylda Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerinde tutuş adamzat üçin taryhy ähmiýeti bolan meseleleri öz içine alýan halkara çäreleriň geçiriljek toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň girelgesiniň döwrebaplygy, binanyň içiniň enjamlaşdyrylyş derejesi, halkara çäreleriň tapgyrlaýyn pursatlarynyň meýilleşdirilen ýerleri, şeýle hem giň möçberli maslahatlaryň geçiriljek binasynyň içki bezeg işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadag bu ýerde geçiriljek çärelere gatnaşjak myhmanlaryň ähli şertler bilen üpjün edilmelidigini, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň bu ýerde doly ornaşdyrylmagyna ýokary derejede üns berilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň dowamynda dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsynda öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen hem tanyşdy. Soňra Gahryman Arkadag Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, bu ýerden Aşgabada ugrady.

