22-nji dekabrda Aşgabatda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we zenanlaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi. Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi.
MDKG 3.0 — bu ýurduň gaýtadan seredilen milli derejede kesgitlenen goşandy bolup, ol Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howanyň üýtgemegi baradaky milli hereket meýilnamasydyr.
Maslahatyň dowamynda klimat boýunça seljerijiler, BMGÖM-niň taslama hünärmenleri, bilermenler we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri howanyň üýtgemeginiň durmuş we gender meselelerine edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesi boýunça zenanlary we ýaşlary MDKG 3.0-y durmuşa geçirmek hem-de monitoring işlerine ulgamlaýyn çekmek baradaky «ýol kartasynyň» esaslary taýýarlanyldy.

