Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi geljek ýylyň iş hepdesiniň tertibini kesgitledi. Tertip ministrligiň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Oňa görä:
Bäş günlük iş hepdesi — 40 sagat,
Alty günlük iş hepdesi (7 sagat/gün) — 40 sagat,
Alty günlük iş hepdesi (6 sagat/gün) — 36 sagat.
Dynç alyş baýramçylyk we hatyra günleri:
1-nji ýanwar – Täze ýyl;
8-nji mart — Halkara zenanlar güni;
21–22-nji mart — Milli bahar baýramy;
18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;
27-nji sentýabr — Garaşsyzlyk güni;
6-njy oktýabr — Hatyra güni;
12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni;
20-nji mart — Oraza baýramy;
27 — 29-njy maý — Gurban baýramy.
Baýramçylyk günleriniň öňüsyrasyndaky günüň iş wagty 1 sagat gysgaldylýar. Gijeki çalşyklar hem 1 sagat gysgaldylýar, üznüksiz önümçilikde bolsa gündizki işe deňlenilýär.
Iş wagtynyň ortaça bir aýlyk dowamlylygy: 166,9 sagat (40 sagatlyk iş hepdesi) we 150,5 sagat (36 sagatlyk iş hepdesi).

