Bahreýniň «Al-Haldia» futbol klubynyň baş tälimçisi Lassad Çabbi toparyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky soňky oýunda Türkmenistanyň «Arkadag» klubyna garşy doly taýýardygyny mälim etdi.
«Häzirki wagtda biziň toparymyzda şikes alan oýunçy ýok.
Futbolçylarymyzyň ählisi ertirki oýna çykmaga taýýardyr. Biz oýundan oňyn netijä garaşýarys» — diýip,
Çabbi metbugat ýygnagynda aýtdy.
Duşuşyk 24-nji dekabrda ýerli wagt bilen sagat 21:00-da Arkadag stadionynda geçiriler. Bu oýun iki topar üçin hem wajyp ähmiýete eýedir.
Toparçada ýagdaý şeýle: Kataryň «Al-Ahli» topary 7 utuk bilen liderlik edýär, «Al-Haldia» 6 utuk bilen ikinji orunda barýar, Özbegistanyň «Andižan» topary 5 utuk toplady, «Arkadag» bolsa 4 utuk bilen dördünji orunda ýerleşýär.
Indiki tapgyra toparçanyň ilkinji iki kluby çykmaly. Şonuň üçin ähli dört topar hem pleý-offa çykmak mümkinçiligini saklaýar. Bu bolsa ertirki duşuşygy ýaryşda indiki tapgyra çykmak ugrunda kesgitleýji oýna öwürýär.

