«Lebapgazçykaryş» müdiriýeti «Türkmengeologiýa» döwlet kärhanalarynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan burawlanan «Hazarly–2» täze gaz guýusyny ulanmaga berdi. Guýy Böwrideşik gaz käniniň golaýyndaky Hazarly meýdançasynda ýerleşýär we bu meýdançada senagat derejesinde önüm berip başlan ilkinji guýy boldy. Bu barada HHM habar berýär.
Guýynyň gije-gündizlik öndürijiligi 120 müň kub metr tebigy gaza deňdir.
Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça müdiriýetiň zähmetkeşler topary önümçilik meýilnamasyny 101%-den gowrak ýerine ýetirip, 8,516 mlrd kub metr gaz çykardylar. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijini 9,3 mlrd kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Goşmaça netije hökmünde 28 039 tonna ugurdaş gaz kondensaty alyndy, bu bolsa meýilnamadan 2 235 tonna köpdür.
Gaz çykarylyşynyň artmagy eksportyň hem ýokarlanmagyny üpjün etdi: eksportyň möçberi meýilnamadan tas 41% geçdi, bu bolsa daşary ýurtly sarp edijilere goşmaça 1,38 mlrd kub metr gazyň ugradylandygyny aňladýar. Ýylyň başyndan bäri müdiriýetiň gazçylary tarapyndan ýerastyndan 20,908 mlrd kub metr uglewodorod çig maly çykaryldy.

