2025-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gazalow «AZERTAJ» habarlar agentligine beren interwýusynda belledi.
Diplomatyň bellemegine görä, ýokary derejedäki özara saparlar ykdysady, energetika, ulag hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat döretdi. Iýul aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuwda we Garabagda saparda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Awgust aýynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Awazada Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk ulag-üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça möhüm resminamalara gol çekilmegi bilen jemlendi.
Oktýabr aýynda Gabala şäherinde geçirilen Türk Döwletleriň Guramasynyň sammiti gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýene-de bir möhüm meýdança boldy. Çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbi tutuldy.
Noýabr aýynda Azerbaýjan Daşkentde geçirilen sammitde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw formatyna doly hukukly agza hökmünde kabul edildi. Türkmenistan Azerbaýjany bu formata degişli indiki sammite — 2026-njy ýylda geçiriljek çärä gatnaşmaga çagyrdy.

