Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça azyk önümleriniň öndürilişinde görnetin ösüş gazandylar diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Hasabat döwründe welaýat boýunça 312 müň tonnadan gowrak gök önüm ýygnaldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14 müň tonna köpdür. Gök önümleriň öndürilişiniň ösüşi, takmynan, 5 göterim boldy.
Iň ýokary ösüş depgini bakjaçylyk pudagynda hasaba alyndy — 9 göterimden gowrak. Daýhanlar tarapyndan 183 müň tonna garpyz, gawun we kädi ýygnaldy, bu bolsa 2024-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlary bilen deňeşdirilende, 15 müň tonna artykdyr.
Miwe we ir-iýmişleriň öndüriliş möçberi 49 müň tonnadan geçip, ösüş 3 müň tonna golaý boldy ýa-da geçen ýylky derejä görä 6 göterime deň boldy. Üzüm hasyly 1 göterim artyp, 21 müň tonna ýetdi. Ýeralmangň öndürilişi bolsa 2 müň tonna artdy.
Guşçulyk pudagynda ýumurtga öndürilişi 6 göterimden gowrak artyp, sarp edijilere 250,8 million sany ýumurtga iberildi. Diri agramda et öndürilişiniň möçberi 153 müň tonna bolup, ösüş 2 göterimden geçdi.
Soňky 11 aýda süýt önümçiliginiň möçberi 607 müň tonna golaý bolup, geçen ýylky görkezijiden 6,2 müň tonna artyk boldy. Bu ýagdaý süýt önümleriniň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berdi — söwda torlaryna 29,7 müň tonnadan gowrak peýnir, kefir, gaýmak we gaýnadylan süýt önümleri ugradyldy. Azyk önümleriniň öndürilişinde esasy paýy hususy telekeçilere degişlidir.

