Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen HHR-niň özara gatnaşyklarynyň täze derejesi, bütin Türkmenistan boýunça adatdan daşary sowuk howanyň golaýlaşmagy, Aşgabadyň, Sarahsyň we Arçmanyň arasynda täze ugurlaryň işe girizilmegi

10:1607.01.2023
0
47603

1. Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Hytaýly kärdeşi Si Szinpin bilen gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Hytaýyň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işlenýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji ugrunyň gurluşygynyň taslamasy içgin ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mundan başga-da, Hytaý ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardyr.

Gazanylan ylalaşyklaryň hatarynda Aşgabatda bilelikdäki adaty lukmançylyk merkezini döretmek hakynda ylalaşyk hem bar.

HHR-e döwlet saparynyň netijeleri boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi we ony iki tarap üçin amatly wagtda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

2. 9-njy ýanwardan başlap, Türkmenistanda Aşgabat – Sarahs – Aşgabat we Aşgabat – Arçman – Aşgabat ugurlary boýunça iki sany şäherara awtobus gatnawy işe giriziler. Aşgabat bilen Sarahs aralygyndaky awtobus peteginiň bahasy 35 manat, Aşgabat bilen Arçmanyň aralygyndaky bolsa – 15 manat.

3. Türkmenistanda 2023-nji ýyl üçin aspirantura, doktorantura we alymlyk derejesine dalaşgärlige kabul edilmegiň möhleti köpçülige ýetirildi. Arzalaryň kabul edişligi 2023-nji ýylyň 1-28-nji fewraly aralygynda geçiriler. Aspirantura giriş synaglary, doktorantura we alymlyk derejesine dalaşgärlige hasaba alynmak boýunça çäreler 2023-nji ýylyň 1-24-nji marty aralygynda geçiriler. Aspirantura, doktorantura we alymlyk derejesine dalaşgärlige hasaba alynmak çäreleri 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlanar.

4. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde adatdan daşary sowuk howa garaşylýar. 9-njy ýanwarda sowuk howa ýurduň demirgazygyna aralaşar, 10-njy ýanwardan bolsa – günorta sebitlere. Käbir etraplarda howanyň temperaturasynyň adatdakydan 10-16 gradus pese düşmegine garaşylýar. Şeýle sowuk howa ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam eder. Demirgazykda 15-20 gradusa çenli aýazly howa, käbir ýerlerde -20°-den hem pese düşmegine garaşylýar.

5. ABŞ-niň Döwlet departamenti öz döwlet resminamalarynda Türkiýäniň adynyň türk fonetik kadalaryna laýyklykda ýazylyşy boýunça üýtgedilmegi baradaky Respublikanyň resmi talapnamasyny kanagatlandyrdy. Indi Amerikanyň daşary syýasat edarasy ähli resminamalarda iňlis dili üçin adaty bolan öňki Turkey adyna derek Turkiye sözüni ulanyp başlar.

6. Saud Arabystanynyň aýallary öz maşgala agzalaryndan erkek adamyň hökmany ýanynda bolmagy talap edilmezden haj parzyny ýerine ýetirmek hukugyna eýe boldular. Saud Arabystanynyň haj we umra işleri boýunça ministriniň orunbasary Abdel Fattah Maşat ýurduň ýolbaşçylarynyň «bu ýylda haj parzyny ýerine ýetirýän aýallaryň ýanynda mähremiň (ýakyn erkek adamyň) bolmagyny talap etmezlik» çözgüdini kabul edendiklerini belledi. Musulmanlaryň Mekkedäki we Medinedäki mukaddesliklerine zyýarat etmek – haj parzy yslamyň bäş sany borjunyň biridir. Bu ýylda haj parzy iýunyň aýagynda geçiriler.

7. Madridiň «Realy» Dortmundyň «Borussiýasynyň» ýarymgoragçysy Jud Bellingem bilen gyzyklanýar. Ispaniýaly «şa topar» Angliýanyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy üçin 120 mln ýewrodan hem gowrak tölemäge taýýardyr. Madridiň toparynyň wekilleri ýanwarda gepleşikleriň has-da öňe ilerlejekdigini belleýärler.

8. Halkara dzýudo federasiýasy resmi saýtynda nobatdaky dünýä reýting sanawyny köpçülige ýetirdi, onuň düzüminde türkmenistanly türgenler hem bar. Sanawda ildeşlerimizden erkekleriň arasynda iň ýokardaky orny Hakberdi Jumaýew eýeledi – 60 kg çenli agram derejede 74-nji orun. Zenanlaryň sanawynda iň gowy netijäni Zulhumar Daşkinowa görkezdi – 63 kg çenli agram derejede 74-nji orun. Ýygyndy toparlaryň sanawynda Türkmenistan 66-njy orny eýeleýär. Dzýudo boýunça dünýä reýting sanawynda 172 döwlet hasaba alyndy. Öňdebaryjy üçlükgi: Ýaponiýa, Russiýa we Rransiýa eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň